Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO liderli içerki oňuşmazlyklar arasynda agzybirligi berkitmäge çalyşýar


29 agzaly ýaranlyk NATO-nyň syýasy gelejegini maslahatlaşýar.

NATO liderleri 4-nji dekabrda günbatar harby ýaranlygynyň gelejegi üstündäki içerki oňuşmazlyklary arasynda onuň 70 ýyllygyna bagyşlanan sammiti jemlemek üçin Londonyň etegindäki kaşaň myhmanhana we golf kurortyna toplandylar.

29 lideriň Watforduň golaýynda 18-nji asyrda gurlan we soň kaşaň myhmanhana öwrülen desgada guralan üç sagatlyk duşuşykdan soň, özleriniň NATO ygrarlydyklaryny we ýaranlygyň täze howp-hatarlara garşy durmak çärelerini görýändiklerini nygtap, bilelikdäki jarnama çap etmegine garaşylýar.

Şeýle-de, sammitiň beýemçisi, britan premýer-ministri Boris Jonson agzybirligeçagyryp, liderlere olaryň 1949-njy ýylda Birleşen Ştatlar, Kanada we 10 sany ýewropa ýurdy tarapyndan, sowet ekspansiýasy sebäpli aladalar arasynda, kollektiw goranyş ýörelgeleri esasynda gurlan transatlantik ýaranlygyň özeninde bir-biregi goramak borçnamasynyň ýatandygyny ýatladar.

"Ýetmiş ýyl boldy, biz öz NATO ygrarlylygymyzda we indi 29 ýurdy hem-de bir milliarda golaý adamy goramakda ägirt uly galkan bolup, berk durus” diýip, premýer-ministriň edarasynyň maglumatyna görä, Jonson aýdýar.

“Eger-de NATO-nyň şygary bar bolsa, ol: “Bir adam hemmeler, hemmeler bir adam üçin” diýen şygardyr.”

Baş sekretarJens Stoltenberg bu duşuşyga başlyklyk etmezinden öň NATO-ny “taryhda iň rowaç harby ýarnalyk” diýip häsiýetlendirdi we munuň sebäbini onuň “dünýäniň özgermegi bilen ýene we ýene özgermäge ukyply bolandygy” bilen delillendirdi.

“NATO çeýe, NATO işjeň, NATO uýgunlaşýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Iki günlük ýygnanyşygyň birinji gününde Bakingam köşgünde şa aýal Elizabet II tarapyndan kabul edişlik, Dawning köçesiniň 10-njy jaýyna sapar, britan premýer-ministriniň resmi rezidensiýasyna baryp görmek çärleri guraldy, NATO agzalarynyň arasynda aýry-aýry duşuşyklar boldy.

Şeýle-de bu güne Türkiýäniň Siriýadaky harby operasiýalary, fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň geçen aý NATO-nyň “beýni togtamasy” barada aýdan sözleri we ABŞ-nyň ýaranlyga yhlasynyň peselmegi ýaly meseleler üstündäki oňuşmazlyklar kölege saldy.

ABŞ-nyň prezident Donald Tramp Londona gelip gonanyndan birnäçe sagat soňra Makraona berk gaýtawul berip,öz sözleri bilen aýtsak, onuň “gelşiksiz” sözleri aýdyp, “örän hormat-sylagsyzlyk edendigini” belledi.

Emma muňa garamazdan, amerikan prezidenti şol günüň özünde, biraz giç gurnalan metbugat çäresinde fransuz lideri babatda has ýaraşyk häsiýetinde boldy we Waşington bilen Parižiň “köp sanly gowy çärä” şariklik edendigini aýtdy, söwda oňuşmazlygyny bolsa, “kiçiräk jedel” diýip, ähmiýetsiz zat edip görkezdi.

Sammite taýýarlyk döwründe iki sany esasy mesele keserip çykdy: olaryň biri goranyş harajatlary meselesi bolsa, beýlekisi Türkiýe bilen Fransiýa ýaly beýlekibir agza döwletiň arasyndaky gatnaşyk meselesi boldy.

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan britan paýtagtyndan gaýtmazyndan öň, eger-de ýaranlyk Türkiýä Siriýada onuň terrorçy hasaplaýan kürt toparlaryna garşy söweşinde kömek bermese, özüniň NATO-nyň baltika ýurtlaryny goramak planyna garşy boljakdygyny aýtdy.

Beýleki liderler, kürt ýolbaşçylygyndaky güýçleriň bolmanda Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky köpmilletli koalisiýagündogar Siriýadaky “Yslam döwleti” ekstremist güýçlerini gysyp çykarmaga kömek berýändikleri sebäpli , bu hili göçüme garşy boldular.

"Biziň goranyş planlarynyň täzelenen görnüşine degişli meselelerde hem çözgüt tapyp biljekdigimizeynanýaryn” diýip, Stoltenberg 4-nji dekabrda žurnalistlere aýtdy we bu meseläni öten agşam Erdogan bilen hem maslahatlaşandygyny sözüne goşdy.

Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky erjel dartgynlyklaryň dowam etmeginiň arasynda, fransuz prezidenti Makron Orsýet bilen töwerekleýin gepleşiklere çagyrdy.

"Biziň Orsýet bilen strategiki dialogda bolmagymyz möhüm” diýip, Makron aýtdy we ýaranlygyň muny “öz gözlerini giňden açmak bilen” etmelidigini belledi.

Prezident Wladimir Putin mundan biraz öň Orsýetiň NATO bilen umumy bähbitlerde, şol sanda içerki terrorçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýaňzytdy, ýöne Moskwanyň has ýakyn gatnaşyk gurmak tagallalarynyň “iş ýüzünde goldaw tapmazlygyndan” zeýrendi.

NATO-nyň beýleki agza döwletleriniň ýaranlygyň çykdajy harajatlaryny çekmekde has kän tagalla etmekleri üçin basyş görkezen Tramp bu meseläni Lononda Stoltenberg bilen maslahatlaşdy.

Öz sözleriniň yzynda durup, Trampyň diňe goranyş çykdajylaryny çeken agza döwletleriň resmileri bilen bile nahar edinmegine garaşylýar.

"Iň esasysy biz bilelikdäki ýüki paýlaşmakda hakyky öňegidişlik gazanýarys, siziň çykdajy harajatlaryndaky liderligiňiz hakyky täsir döredýär” diýip, Stoltenberg duşuşykda aýtdy.

Ol Ýewropa ýaranlary we Kanada 2016-njy ýyldan bäri goranyş býujetlerine 130 milliard dollar goşdy we bu sanlar 2024-nji ýyla çenli 400 milliard dollar çenli ýokarlanar diýdi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG