Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň demirgazyk-gündogarynda ýer titreme boldy


Eýranyň kartasy
Eýranyň kartasy

Eýranyň demirgazyk-gündogar, Owganystan bilen serhediniň golaýynda aram derejede ýer titreme boldy.

Adam ýitgileri we weýrançylyk barada bada-bat maglumat berilmedi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň 2-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, ilaty 10 müň töweregi bolan Sagnan şäherinde 5.8 bal derejesinde ýer sarsgyny ýüze çykypdyr.

“Häzirki pursat ýitgiler barada maglumatlar ýok. Emma, sebitiň uly bölegine täsir ýetdi. Biziň derňew toparlarymyz ol ýerde iş geçirýärler” diýip, adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň ýerli ýolbaşçysy Hojjatali Şaýanfar aýtdy.

XS
SM
MD
LG