Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garadagda dini emläkler baradaky kanuna garşy protestler geçýär


Geçen hepdeden bäri Serbiýany goldaýan garadaglylar we Serbiýanyň Prawoslaw Kilisesiniň tarapdarlary ýurt boýunça protestleri geçirdiler.

Garadagda dini emläkler baradaky kanuna garşy protestler dowam etdi. Bu kanuna Serbiýanyň Prawoslaw Kilisesi we Russiýa garşy çykýar.

1-nji ýanwarda ençeme müň demonstrant paýtagt Podgorisada ýöriş geçirdi. Olar bu kanunyň netijesinde döwletde Serb Prawoslaw Kilisesine degişli emläkleri ele geçirmek üçin mümkinçilik döreýändigini aýdýarlar.

Garadagyň hökümeti bu aýyplamalary ret edýär.

Kanunçylyga laýyklykda, dini jemgyýetler 1918-nji ýyldan owalky edinen emläkleriniň çeşmesini görkezmäge borçly edilýär. Şol ýyl Garadag Serbiýanyň ýolbaşçylygyndaky Balkan şalygyna goşulypdy we öz garaşsyzlygyny ýitiripdi.

Garadagyň prezidenti Milo Džukanowiç kanuna 28-nji dekabrda gol goýdy. Mundan bir gün öň, kanun taslama parlament diňlenişiginden geçdi.

Geçen hepdeden bäri Serbiýany goldaýan garadaglylar we Serbiýanyň Prawoslaw Kilisesiniň tarapdarlary ýurt boýunça protestleri geçirdiler. Demonstrantlar polisiýa bilen hem çaknyşdylar. Soňky birnäçe günüň dowamynda kanun goraýjy edaralar 45 adamy tussag etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG