ABŞ erkekleriniň futbol komandasy ýanwarda Dohada, Katarda planlaşdyrylan türgenleşiklerini Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda, “sebitdäki ýagdaýlar bilen baglylykda” goýbolsun edendigini aýtdy.
ABŞ-nyň Futbol federasiýasy bu beýanaty 3-nji ýanwarda, ABŞ harbylarynyň Yraga uran zarbasy esasynda bu ýere gelen eýranly general öldürilenden soňra etdi.
Eýran ar almagy wada berdi. ABŞ komandasy Dohada 5-nji ýanwardan 25-nji ýanwara çenli aralykda türgenleşik geçmegi planlaşdyrypdy.
Katar futbol boýunça 2022-nji ýylda geçiriljek dünýe çempionatynyň beýemçisi bolup durýar. ABŞ futbolçylary pars aýlagy ýurdundaky türgenleşiklerini biraz soň geçirmegi karar etdiler.
Şu aralykda, howp-hatar derejesiniň ýokarlanmagy bilen, ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalsiýasynyň Yrak goşunlaryna berýän täliminiň hem togtadylandygy habar berildi.