Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain uçary ýykylmazyndan öň ot aldy – Eýran derňewi


Ukrain prezident Volodymyr Zelenskiý uçar pidalarynyň hatyrasyna gül çemenini goýýar. Kiýew, 9-njy ýanwar, 2020.
Ukrain prezident Volodymyr Zelenskiý uçar pidalarynyň hatyrasyna gül çemenini goýýar. Kiýew, 9-njy ýanwar, 2020.

Ukrain howa ýollarynyň Tähranyň günorta-günbatarynda ýykylan we bortundaky 176 adamy öldüren uçary, Eýranyň Raýat awiasiýasy guramasynyň 9-njy ýanwarda çap eden deslapky hasabatyna görä, ýykylmazyndan öň ot alypdyr.

Ukrainanyň halkara howa ýollarynyň “Boeing 737-800” uçary 8-nji ýanwarda Kiýewe ugrap, Tähranyň Ymam Homeýni aeroportundan asmana göterilenden gysga wagt soň heläkçilige uçrady.

Hasabatda uçary ýerden we geçip barýan uçardan gözi bilen gören şaýatlaryň beren görkezmelerine esaslanyp, uçar entek asmandaka ot alypdyr diýen netije çykarylýar.

Hasabatda aýdylmagyna görä, 6-njy ýanwarda nobatdaky tehniki gözegçilikden geçirilen 3 ýaşly uçar anyklaşdyrylmadyk tehniki problema sebäpli, uçanyndan gysga wagt soň yzyna dolanýar.

"Başda aeroport zonasyny terk etmek üçin günbatara tarap ugur alan uçar, problemadan soň saga öwrüldi we ýykylan wagtynda yzyna, aeroporta tarap gelýärdi” diýip, hasabatda aýdylýar.

Ukrainanyň Tährandaky ilçihanasy başda heläkçilige uçar motoryndaky näsazlygyň sebäp bolandygyny aýtdy, emma soň bu beýanaty aýyrdy.

Eýranyň döwlet mediasy başda uçaryň ýykylandan soň ot alandygyny habar berdi. Emma döwlet TW-si tarapyndan efire berlen wideo uçaryň garaňky asmandan inip gelýärkä ot alandygyny görkezdi.

Uçaryň ýykylmagynyň esasy sebäpleriniň arasynda Orsýetde öndürilen “Tor” zenit-raketa toplumyndan urulmak ähtimallygy hem bar. Bu pikiri Ukrainanyň milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň sekretary Alekseý Danilow “Senzor.net” neşirine aýtdy.

Danilowyň aýtmagyna görä, ukrain ekspertleri uçar heläkçiliginiň esasy dört ähtimallygyny işläp düzýärler. Raketa bilen urulmak ähtimallygyndan başga, uçaryň adamsyz uçar ýa başga bir obýekt bilen çakyşmak, motorynyň tehniki sebäpler esasynda ýarylmak, uçaryň bortundaky terror akty esasynda ýarylmak ähtimallyklary hem öňe sürülýär.

Danilowyň sözlerine görä, Eýrana baran ukrain hünärmenleri häzir eýran tarapy bilen hadysanyň bolan ýerine barmak mümkinçiliklerini ylalaşýarlar. Olar “Top” zenit-raketasynyň galyndylaryny gözlemekçi.

Ýykylan uçarda Eýranyň 82, Kanadanyň 63, Şwesiýanyň 10 raýaty, dört owganystanly, üç germaniýaly we üç britaniýaly, 11 ukrainaly, şol sanda dokuz ekipaž agzasy heläk boldy.

Ukrana 9-njy ýanwary milli ýas güni diýip yglan etdi.

XS
SM
MD
LG