Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, Belarus raýatlaryň gatnawyny ýeňletjek wiza ylalaşygyny baglaşdy


Belgiýa. (Çepden saga) Belarusyň daşary işler ministri Uladzimer Makey; Horwatiýanyň içeri işler ministri Davor Bozinovic we Ýewropanyň içeri işler komissary Ylva Johansson ylalaşyga gol üçekiş dabarasyna gatnaşýar.
Belgiýa. (Çepden saga) Belarusyň daşary işler ministri Uladzimer Makey; Horwatiýanyň içeri işler ministri Davor Bozinovic we Ýewropanyň içeri işler komissary Ylva Johansson ylalaşyga gol üçekiş dabarasyna gatnaşýar.

Ýewropa Bileleşigi we Belarus belarus raýatlarynyň EB ýurtlarynyň köpüsine girmegini aňsatlaşdyrjak we arzanlatjak iki ylalaşyga gol çekdi.

Belarusda 8-nji ýanwarda gol çekilen wiza ýeňilligi we gaýtadan kabul ediş missiýasy şertnamalary “ÝB-Belrus gatnaşyklaryndaky möhüm ädim boldy we raýatlaryň hereket mümkinçiligini gowulandyrmaga ýol açar” diýip, Ýewopa Geňeşiniň beýanatynda aýdylýar.

Bu ylalaşyklar güýje girende, wiza tölegi 35 ewro ýa-da 39 dollara çenli azalar, konsullyklaryň wiza bermek kararyna gelmek möhleti gysgalar diýip, beýanatda bellenýär.

Žurnalistler, studentler ýaly ýygy-ýygydan syýahat etmeli bolýan raýatlar bolsa, köp gezeklik we uzak möhletli giriş wizalaryny hem alyp bilerler.

Belaruslar häzir ÝB ýurtlaryna giriş wizasyny almak üçin 60 ýewro ýa-da 67 dollar töleýärler.

Bu töleg fewralda, ÝB wiza kody güýje girende80 ýewro ýa-da 89 dollara çenli ýokarlanar.

XS
SM
MD
LG