Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prokuraturasy garaşsyz žurnalistiň ekstremizm aýyplamalary esasynda saklanandygyny tassyklady


Daler Şarifow
Daler Şarifow

Täjigistanyň Döwlet prokuraturasy garaşsyz žurnalist Daler Şarifowyň ekstremizm aýyplamalary esasynda saklanandygyny tassyklady.

Asly duşenbeli žurnalist 28-nji ýanwarda tussaghana ýerleşdirildi.

32 ýaşly Şarifow içerki syýasat barada we täjik resmilerini tankytlap makalalary çap edýärdi.

Baş prokuraturanyň ýaýradan beýanatyna görä, Şarifow 2013-2019-njy ýyllar aralygynda “ekstremizm mazmunly 200-den gowrak makalany” çap edipdir.

Beýanatda Şarifowyň Täjigistanda 2006-njy ýylda gadagan edilen “Musulman Doganlary” topary bilen bagly 100-den gowrak maglumaty hem çap edendigi aýdylýar.

Şarifow günäli tapylsa, oňa bäş ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

Şarifowyň aýaly 31-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bilen habarlaşda, polisiýanyň öýlerinde geçirilen gözlegi netijesinde arap dilli ähli kitaplarynyň hem konfiskasiýa edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG