Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ ylalaşyga gol goýmazdan ozal “Talyban” toparyndan “delilleri” talap etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo)

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) “Talyban” toparynyň, ylalaşyga gol goýmazdan ozal, Owganystandaky gazaplylygyň derejesini peseltmek boýunça “delilleri görkezmegini” talap etdi. Bu ylalaşyk Owganystandaky parahatçylyk gepleşiklerine we ABŞ-nyň bu ýurtdaky goşunlaryny çykarmagyna ýol açmaly.

Pompeo 3-nji fewralda Özbegistana edýän saparynyň çäginde metbugat ýygnagynda çykyş edip, ylalaşygyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygyny aýtdy.

“Biz parahatçylyk we asudalyk planynyň üstünde işleýäris. Häzir onuň soňky otur, nokatlaryny timarlaýarys, dogry sözlemleri saýlap alýarys” diýdi.

“Biz ozal-da ylalaşygy baglaşmagyň bosagasyna gelipdik. Biz bilelikde bu dokumenti düzüpdik. ‘Talyban’ gazaplylygy peseltmek üçin meýlini ýa-da mümkinçiligini, belki munuň ikisini-de äşgär edip bilmändi” diýip, ABŞ resmisi belledi.

Pompeo munuň bilen baglylykda häzir degişli dellileriň äşgär edilmegini talap edýändigini nygtady.

Mundan iki gün öň, ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Kabulda owgan prezidenti Aşraf Ghani bilen geçiren duşuşygynda “Talyban” bilen gepleşiklerde “göze ilýän öňegidişligiň” bolmandygyny aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG