Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Özbegistana sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 3-nji fewralda Daşkentde “C5+1” gepleşiklerine gatnaşýar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 3-nji fewralda Daşkentde “C5+1” gepleşiklerine gatnaşýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 3-nji fewralda Özbegistana sapar edýär. ABŞ resmisini Daşkendiň aeroportynda özbek daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow garşylady.

Pompeo özüniň gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek kärdeşleri bilen “C5+1” gepleşikleriniň çäginde maslahat geçirer.

“Biz, elbetde, howpsuzlyk ýagdaýlary barada gürrüň ederis. Biz bu döwletleriň arasyndaky ykdysady integrasiýany maslahat ederis. Şeýle-de, bu döwletleriň syýasy azatlyklar, ykdysady ýagdaýlar we adam hukuklary nazaryndan öz ýurtlaryny özgertmek mümkinçiliklerini hem maslahat ederis” diýip, Pompeo saparynyň öňüsyrasynda çykyş etdi.

Pompeo özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hem aýratyn duşuşygy geçirer.

2016-njy ýylda Özbegistana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk eden ozalky awtoritar lider Yslam Kerimow ýogalandan soňra, ýurduň başyna Mirziýoýew geçipdi. Ol ýurduň çöken ykdysadyýetini galkyndyrmak, dürli reformalary geçirmek ugrunda hereket edip başlady.

Pompeo munuň bilen gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa edýän saparyny jemlär. Munuň çäginde ol Ukrainada, Belarusda we Gazagystanda hem gepleşikleri geçiripdi.

Pompeo Gazagystandaky “hakyky reformalary” öwüp, Waşingtonyň nebite baý ýurduň “geçiş pursatynda “kömek etmekçi bolýandygyny” aýtdy.

Ol 2-nji fewral gazak paýtagtynda AÝ/AR bilen eden söhbetdeşliginde ozalky sowet respublikasyny Waşingtona goşulyp, Hytaýa Sinjiaňdaky azlyklara berýän azary sebäpli basyş görkezmäge çagyrdy we Amerikanyň Merkezi Aziýanyň “gülläp ösenini” görmek isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG