Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus sebäpli Aşgabatda geçmeli futzal çempionaty yza süýşürildi


Resmi Türkmenistan Aşgabatda geçmeli çempionatyň yza süýşürilmegi bilen baglylykda häzirlikçe çykyş etmedi.
Resmi Türkmenistan Aşgabatda geçmeli çempionatyň yza süýşürilmegi bilen baglylykda häzirlikçe çykyş etmedi.

Türkmenistanda, Hytaýda ýüze çykan, şeýle-de dünýäniň ençeme döwletine ýaýran koronawirus sebäpli, 26-njy fewral – 8-nji mart aralygynda geçmeli futzal boýunça Aziýanyň çempionaty näbelli wagta çenli yza süýşürildi. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFC) 3-nji fewralda maglumat berdi.

Beýanatda aýdylmagyna görä, koronawirus bilen bagly ýüze çykan häzirki ýagdaýlary nazarda tutup, ýaryşa gatnaşjak toparlaryň howpsuzlygyny we saglygyny kepillendirmek üçin bu karara gelnipdir.

AFC wirusyň netijelerine gözegçilik etjekdigini, şeýle-de ýagdaýlar kadalaşandan soňra çempionat bilen bagly täze senäni yglan etjekdigini aýtdy.

Resmi Türkmenistan Aşgabatda geçmeli çempionatyň yza süýşürilmegi bilen baglylykda häzirlikçe çykyş etmedi.

Hytaýda ýaýrap başlan wirus sebäpli häzire çenli 361 adam öldi.

XS
SM
MD
LG