Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Owganystandaky urşy tamamlamak isleýändigini aýtdy


ABŞ-nyň Owganystandaky esgerleri (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Owganystandaky ýigrimi ýyla golaý wagtlyk urşy tamamlamak we Birleşen Ştatlaryň bu ýurtdaky esgerleriniň sanyny azaltmak isleýändigini aýtdy.

Tramp bu barada 4-nji fewralda Kongresiň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Tramp Birleşen Ştatlaryň beýleki döwletleriň kanun goraýjy edaralary hökmünde “gulluk” etmeli däldigini hem belledi.

“Biz ahyrsoňy Amerikanyň iň uzak urşuny tamamlamak we esgerlerimizi yzyna dolamak ugrunda tagalla edýäris” diýip, Tramp aýtdy.

ABŞ esgerleri 2001-nji ýyldan bäri Owganystanda söweşýärler. Häzir Birleşen Ştatlaryň bu ýurtda 14 müň töweregi harby gullukçysy bar. Trampyň administrasiýasy parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde bu sany 8-9 müňe düşürmegi göz öňünde tutýar.

Tramp 2016-njy ýyldaky prezidentlik kampaniýasynda hem urşy tamamlamak barada wada beripdi. Ol Noýabrda gaýtadan prezidentlige dalaş etmegi planlaşdyrýar.

Tramp ABŞ doly güýji bilen söweşse, onda urşy gysga wagtyň içinde ýeňip biljekdigini, emma munuň köp, şol sanda parahat ilatyň arasyndan hem adam pidalaryna getirjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG