Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki zorluklardan soň Gyrgyzystana aşan gazagystanlylar yzyna dolanyp başladylar


Gazak raýatlary Gyrgyzystanyň serhet geçelgesinden yzlaryna dolanýarlar. 9-njy fewral, 2020 ý.
Gazak raýatlary Gyrgyzystanyň serhet geçelgesinden yzlaryna dolanýarlar. 9-njy fewral, 2020 ý.

9-njy fewralda müňden gowrak gazak raýaty goňşy Gyrgyzystanyň serhedinden Gazagystana geçdi. Mundan iki gün öň, Gazagystanyň bäş obasynda ýüze çykan zorlukly etniki dawa-jenjel sebäpli müňlerçe adam Gyrgyzystana aşypdy.

Gyrgyz resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, etniki gazaklar bilen asly hytaý musulman toparlaryndan bolan dunganlaryň arasyndaky 10 adamyň ölümine getiren zorlukdan soň, Gazagystandan 4 müň 500 adam serhetden geçipdir.

8-9-njy fewral aralygynda gyrgyz keselhanalaryna 34 gazak raýaty ýerleşdirildi. Olaryň 13 sanysy heniz hem bejergi alýar.

Gazagystanda 39 adam, şol sanda ýaragdan ýaralanan üç resmi hem keselhanalarda berjegi almagyny dowam etdirýärler.

Çaknyşyklar 7-nji fewralda Gazagystanyň Almaty şäherinden 130 km uzaklykda ýerleşýän Žambyl sebitinde başlandy. Munuň netijesinde häkimiýetler Kordaý etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.

Oba adamlarynyň bir-birine garşy topar tutup hüjüm edendigi, erkekler toparlarynyň jaýlara ot berip, awtoulaglary agdaryp, ýüzlerçe adamy goňşy Gyrgyzystana gaçmaga mejbur edendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG