Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň häkimiýet başyndaky “Täze Azerbaýjan” partiýasy 125 agzalyk bir palatalyk parlamentiniň 64 ornuny almagy başardy diýip, irki geçirilen saýlawlardan gelip gowşan deslapky maglumatlarda aýdylýar.
Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň başlygy 10-njy fewralda sesleriň 87%-niň sanalandygyny aýdyp, deslapky netijeleri mälim etdi.
“Täze Azerbaýjýan” partiýasy iş başyndan gidýän parlamentde 65 orna kontrollyk edýärdi.
9-njy fewralda geçirilen saýlawlarda Milli Mejlisiň beýleki orunlaryny almagy başaranlaryň hem aglabasy “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň ýöredýän syýasatyny goldaýar.
Ses berilişik mahaly dürli, şol sanda ençeme gezek ses bermek, garaşsyz gözegçilere basyş etmek ýaly bidüzgünçilikleriň bolandygy aýdylýar.
Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlara ses bermäge hukugy bolanlaryň 47,81%-i gelipdir. Bu ozalky parlament saýlawlaryndaky görkezijilerden 8% töweregi azdyr.
Oppozisiýa partiýalarynyň käbiri, hökümetiň agalyk edýän mediasynda kän adalatly beýan ediş elýeterliliginiň ýokdugyny aýdyp, bu saýlawlardan çeke durdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.