Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda wirusdan ölenleriň sany 1000-den aşdy


Hytaýyň saglyk işgärleri we wirus ýokuşan adam. 6-njy fewral, 2020 ý.
Hytaýyň saglyk işgärleri we wirus ýokuşan adam. 6-njy fewral, 2020 ý.

10-njy fewralda Hytaýyň Milli Saglygy goraýyş komissiýasy täze respirator wirusyndan ýene 108 adamyň ölendigini habar berdi. Munuň netijesinde Hytaýda bu wirusdan ölenleriň sany 1016 adama ýetdi.

Häzirki wagt bu wirusa ýoluganlaryň sany Hytaýda 42 müň 638 we dünýäniň başga-da 24 ýurdunda 319 adama ýetdi diýip, Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) we Hytaýyň saglyk resmileri aýdýarlar.

Epidemiýanyň episentri hasaplanýan Hubeý welaýatynda 103 adam öldi we başga-da 2097 adam täzelikde bu wirusa ýolugdy diýip, 11-nji fewralda Hytaýyň Saglygy goraýyş komissiýasy aýtdy.

Bu aralykda, 10-njy fewralda Ukrainanyň Hytaýdaky ilçihanasy Hubeý welaýatynyň paýtagty Wuhan şäherine çarter uçarynyň gonjakdygyny we onuň bir gün soň 50 ukrain raýatyny Kiýewe alyp gitjekdigini aýtdy.

Hytaýdan ewakuasiýa edilen ukrain raýatlary Ukraina barandan soňra 14 gün karantin astynda saklanylar.

XS
SM
MD
LG