Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi: ABŞ, “Talyban” Owganystandaky gazaplylygy çäklendirmek boýunça ylalaşyga geldiler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (ortada), goranmak sekretary Mark Esper (çepde) we owgan prezidenti Aşraf Gani. Mýunhen. 14-nji fewral, 2020 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (ortada), goranmak sekretary Mark Esper (çepde) we owgan prezidenti Aşraf Gani. Mýunhen. 14-nji fewral, 2020 ý.

ABŞ we “Talyban” topary Owganystanda bir hepdeläp gazaplylygy togtatmak boýunça ylalaşyga geldiler diýip, Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisi aýtdy. Ol munuň soňy bilen ABŞ harbylarynyň Owganystandan çykarylmagyna ýol açyp biljekdigini hem belledi.

Mediada çykyş etmäge ygtyýarlygy bolmadyk resmi bu barada anonimlik şertinde Mýunhende geçýän howpsuzlyk konferensiýasynyň çäginde, 14-nji fewralda žurnalistlere gürrüň berdi.

Ol ýedi günüň dowamynda gazaplylykdan el çekmek ylalaşygynyň “ýakyn wagtda” durmuşa geçjekdigini aýtdy.

Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo), goranmak sekretary Mark Esperiň we owgan prezidenti Aşraf Ganiniň konferensiýanyň çäginde geçiren duşuşygyndan soň mälim edildi.

Gepleşige ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad we Owganystandaky ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň komandiri general Skott Miller (Scott Miller) hem gatnaşdylar.

ABŞ resmisi “Talybanyň” köçe ýaka bombalaryny, janyndan geçenleriň hüjümlerini togtatmaga razy bolandygyny aýtdy.

Resmi ylalaşygyň “juda özboluşlydygyny” aýdyp, munuň tutuş ýurdy, şol sanda owgan güýçlerini hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Resmi ABŞ-nyň ylalaşygyň berjaý edilişine gözegçilik etjekdigini hem belledi.

XS
SM
MD
LG