Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirusa ýolugýanlaryň sany kemelýär, emma BSG çaklamalary ederden entek “has irdigini” aýdýar


Hytaýda ýüzi maskaly bir adam
Hytaýda ýüzi maskaly bir adam

Hytaý koronawirusa täze ýoluganlaryň sanynyň tertip üçünji gün kemelýändigini aýdýar. Şol bir wagtda, Bütindünýä Saglyk Guramasy (BSG) krizisiň nähili ýaýrap başlajakdygyny aýdardan entek has irdigini belleýär.

Hytaý resmileriniň 16-njy fewralda beren maglumatlaryna laýyklykda, Hytaýda wirusdan soňky bir günüň dowamynda 142, krizis başlanaly bäri bolsa 1 müň 665 adam ölüpdir. Şeýle-de, COVID-19 wirusyna täze 2 müň 9 adam ýolugyp, umumy kesellänleriň sany 68 müň 500 töweregi boldy.

Mundanam başga, Hytaý 9 müň 419 adamyň wirusdan saplanyp, keselhanalardan goýberilendigini aýtdy.

Dünýä boýunça wirusa 69 müň adam ýolugdy. Emma, Hytaýyň daşynda häzire çenli diňe dört adamyň ölendigi habar berildi.

Wirusa ýokuşýanlaryň sanynyň günsaýyn azalmagyna garamazdan, Bütindünýä Saglyk Guramasy wirusyň geljegi barada çaklamalary ederden entek “has irdigini” aýtdy.

Hepde soňy BMG-niň ekspertlerinden düzülen halkara topar, hytaý bilermenleri bilen tagallalaryny birikdirmek üçin, Pekine gelýär.

Wirus ilki dekabrda Wuhan welaýatynyň paýtagty Hubeýde ýaýrap başlady.

XS
SM
MD
LG