Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esper “Talyban” bilen ylalaşygyň “wada berijidigini”, emma töwekgelçiliklidigini hem aýtdy


Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper
Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Mark Esper ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda Owganystandaky gazaplylygy bir hepde möhlet bilen togtatmak baradaky ylalaşygyň “wada beriji ýaly bolup görünýändigini”, emma munuň bilen ilteşikli töwekgelçilikleriň hem saklanyp galýandygyny aýtdy.

Esper 15-nji fewralda Mýuhende geçýän Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda 19 ýyllyk konflikte syýasy çözgüt tapmagyň çäginde “parahatçylyga mümkinçilik” bermek üçin wagtyň gelendigini aýtdy.

Owgan prezidentiniň edarasy ylalaşygyň öňümizdäki hepdeleriň dowamynda jemlenip biljekdigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG