Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenskiý oktýabrda Donetskde we Luhanska saýlawlary geçirmäge çagyrýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý oktýabrda, ýurduň beýleki sebitleri bilen birlikde, konfliktiň dowam edýän ýurduň gündogar regionlarynda hem ýerli saýlawlary geçirmegi teklip etdi.

15-nji fewralda Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda Zelenskiý Günbatar döwletlerini Kiýewiň Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistlerine garşy söweşine ýardam etmäge çagyrdy.

“Ukrainadaky uruş – men muny bilýärin – Ýewropadaky uruşdyr. Krymyň anneksiýa edilmegi bilen bu Ikinji jahan urşunyň möhletine golaýlady. Göz öňüne bir getirip görüň!” diýip, Zelenskiý belledi.

“Biz 2020-nji ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň ähli territoriýalarynda, şol sanda Donetsk we Luhansk regionlarynda hem saýlawlary geçirmegi isleýäris” diýip, ukrain prezidenti sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG