Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda resmileriň basyşy sebäpli, täze oppozisiýa partiýasynyň mejlisi ýatyryldy


Žanbolat Mamaý

Gazagystanda täze esaslandyrylan oppozisiýadaky “Gazagystanyň Demokratiki Partiýasy”, kanun goraýjylaryň onuň goldawçylaryna we aktiwistlerine basyş etmegi netijesinde, özüniň esaslandyryjy mejlisini ýatyrdy.

Partiýanyň esaslandyryjysy Žanbolat Mamaýyň 19-njy fewralda Almatyda žurnalistlere aýtmagyna görä, esaslandyryjy mejlisiň deregine partiýanyň tarapdarlary 22-nji fewralda Almatyda häkimiýetleriň basyşlaryna garşy we Gazagystanda demokratik reformalaryň geçirilmegine çagyryp ýöriş geçirerler.

Partiýanyň liderleri Almatydaky esaslandyryjy mejlise gatnaşmak üçin ýola düşen tarapdarlarynyň we aktiwistleriniň otlulardan düşürilendiklerini aýtdylar.

Olar käbir tarapdarlarynyň we aktiwistleriniň, galplaşdyrylan administratiw aýyplamalar bilen, ençeme gün tussaglyga ýerleşdirilendiklerini hem bellediler.

Gazak kanunçylygyna laýyklykda, täze partiýanyň resmi taýdan hasaba alynmagy üçin onuň esaslandyryjy mejlisine azyndan 1 müň adamyň gatnaşmagy şertdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG