Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý wirusa täze ýolugýanlaryň sanynyň göz-görtele peselýändigini aýdýar


Wirusdan heläk bolanlaryň umumy sany 2 müň 118 boldy.

Hytaý koronawirusa täze ýoluganlaryň sanynyň göz-görtele kemelendigini aýdýar. Bu epidemiýanyň eýýäm özüniň iň ýokarky derejesine golaýlaýandygy baradaky umytlary döretdi.

Hytaýyň Milli saglyk komissiýasynyň 20-nji fewralda beren maglumatyna görä, wirusyň ýaýrap başlandygy çaklanylýan merkezi Hubeý welaýatynda wirusa täze ýolugan 628 ýagdaýyň üsti açylypdyr. Ýurduň beýleki künjeklerinde hem bu wirusa 45 adam ýokuşupdyr.

Bu wirusyň mundan bir aý ozal ýaýrap başlaly bäri hasaba alnan iň pes görkezijidir.

Bu aralykda, soňky günüň dowamynda wirusdan 114 adam öldi. Netijede, heläk bolanlaryň umumy sany 2 müň 118 boldy.

Wirusa Hytaýda 74 müň, dünýäniň 30-dan gowrak döwletinde hem ýüzlerçe adam ýolugdy.

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça regional direktory Riçard Brennan Hytaýyň “gysga wagt möhlet içinde uly öňegidişligi gazanýandygyny” aýtdy. Emma, ol entek wirusyň soňuna çykylmandygyny hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG