Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda koronawirusdan ýedi adam öldi; Resmiler mekdepleri, teatrlary ýapýarlar


Tähranda eýranlylaryň käbiri gorag maskalaryny geýip köçä çykyp başladylar. 22-nji fewral, 2020 ý.

Eýranyň saglyk resmileri koronawirusdan ýedi adamyň heläk bolandygyny tassykladylar.

COVID-19 wirusyndan Eýranda Hytaýdan daşardaky döwletleriň arasynda iň köp adamyň ölendigi bellenilýär.

Eýranyň Mazandaran şäherindäki Medisina ylymlary uniwersitetiniň başlygy Abbas Mousawiniň 23-nji fewralda beren maglumatyna görä, şahsýyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk adam paýtagt Tährandan regional merkez Tonekabona gelipdir.

Başga goşmaça maglumat berilmedi. Merhumyň anyk nirede we haçan ölendigi, şeýle-de wirusa haçan ýolugyp bilendigi barada hiç zat aýdylmady.

22-nji fewralda Eýranyň Saglyk ministrligi ýurt boýunça wirusa ýolugan bolmagy mümkin 785 adamyň hasaba alnandygyny, şeýle-de 28 adamyň wirus bilen keselländigi tassyklanandygyny aýtdy.

Resmiler wirusyň ýaýramynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde jemgyýetçilik ýerlerine we syýahata çäklendirmeleri girizdiler.

Maglumata görä, goňşy Yraga edilýän dini zyýaratlar togtadylypdyr. Şeýle-de, Saglyk ministrligi ýurduň ençeme şäherinde mekdepleri we uniwersitetleri ýapypdyr. Teatr we konsert çäreleri hem ýatyrylypdyr.

Hytaýda wirusdan ölenleriň sany 2 müň 300-den aşdy.

Bu aralykda, Günorta Koreýada dynç günleriniň dowamynda wirus bilen kesellänleriň sany üç esse artyp, 556-a ýetdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG