Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk başlygy Russiýanyň Trampyň kampaniýasyna hemaýat berýändigini görkezýän yşaratlaryň ýokdugyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Robert O’Brien
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Robert O’Brien

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy prezidentlik saýlawlarynda Russiýanyň Trampyň ýeňiş gazanmagyna hemaýat bermäge synanyşýandygyny görkezýän alamatlaryň özünde ýokdugyny aýtdy. Robert O’Brieniň bu baradaky bellikleri 22-nji fewralda mälim edildi.

Mundan öň, media serişdelerinde peýda bolan maglumatlarda ABŞ-nyň aňtaw resmileriniň Moskwanyň Trampyň we Demokrat dalaşgär, senator Bernie Sandersiň saýlaw kampaniýalaryny ilerletmek üçin gizlin hereketleri geçirip başlandygy barada kanunçykaryjylary habarly edendigi bellenipdi.

Tramp mediadaky bu maglumatlary gahar-gazap bilen ýazgaryp, munuň Kongresdäki Demokratlaryň “nobatdaky ýalan maglumaty” bolandygyny aýtdy.

Sanders Moskwanyň onuň kampaniýasyna hemaýat berýändigi baradaky maglumatlara jogap hökmünde prezident Wladimir Putini “kellekeser” atlandyrdy we onuň ABŞ saýlawlaryndan “çetde durmalydygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG