Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow koronawirus bilen göreşmäge görkezme berdi


Aşgabatda ýüzi maskaly bir aýal (arhiw suraty)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän çäreler barada degişli resmiler bilen iş maslahatyny geçirdi.

25-nji fewraldaky maslahata Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy Pürli Agamyradow, şeýle-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow gatnaşdy.

Resmi maglumata görä, ýurtda howpsuzlygy üpjün etmek üçin degişli gözegçilik hem-de daşary ýurtlardan gelýän raýatlary lukmançylyk gözegçiligine almak çäresi ýola goýulypdyr. Gözegçilikdäki adamlaryň sany takyklaşdyrylmaýar.

Mundan başga-da, epidemiologik ýagdaý durnuklaşýança, bu keseliň ýaýran döwletlerine, gulluk zerurlygyndan başga halatlarda, türkmenistanlylaryň gitmekleri çäklendirilipdir. Emma, anyk haýsy ýurtlara bu çäklendirmäniň girizilendigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şeýle-de, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň getirilmegine gözegçilik işleri güýçlendirilipdir.

Türkmen resmileri ýurtda koronawirus bilen ýoluganlaryň hasaba alynmandygyny aýtdylar.

Ýatlatsak, resmi türkmen metbugaty COVID-19 wirusy barada, onuň ýaýrap başlamagyndan iki aý soňra habar beripdi.

Bu aralykda, Türkmenistan Eýran we Owganystan bilen, bu döwletlerde koronawirusa ýoluganlaryň hasaba alynmagynyň yzy bilen, öz serhet araçäklerini ýapdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG