Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ýokary derejeli ozalky iki resmä höküm çykaryldy


Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Ihtiýor Abdullaýew
Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Ihtiýor Abdullaýew

Özbegistanda iki sany ýokary derejeli ozalky resmä korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda höküm çykaryldy.

Özbegistanyň Ýokary sudunyň 25-nji fewralda beren maglumatyna görä, ýurduň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň ozalky başlygy Ihtiýor Abdullaýew 18 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilipdir. Ol jenaýat toparyny esaslandyrmakda, para almakda, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda, şahsy emlägi öz haýryna geçirmekde we beýleki jenaýatlarda günäli tapyldy.

Mundan başga-da, beýanatda ozalky baş prokuror Otabek Murodowyň para almakda günäli tapylyp, bäş ýyl möhlet bilen çäklendirilen azatlyga höküm edilendigi aýdylýar.

Parahorluk işi bilen baglylykda başga-da ýedi şübheli, şol sanda Abullaýew bilen Murodowyň gol asynda işlän resmiler 5 we 17 aralygynda türme tussaglygyna höküm edildiler.

Şeýle-de onlarça adama türme tussaglygy göz öňünde tutulmadyk höküm çykaryldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Murodowy geçen ýylyň iýunynda wezipesinden boşadypdy. Şondan dört aý ozal bolsa, Abdullaýew howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesinden aýrylypdy.

XS
SM
MD
LG