Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ owgan güýçlerine edilen hüjümde 20 ofiser öldürilenden soň “Talybana” zarba urdy


Helmand, owgan howpsuzlyk ofiserleri garawulçylyk çekýär. 3-nji mart, 2020.
Helmand, owgan howpsuzlyk ofiserleri garawulçylyk çekýär. 3-nji mart, 2020.

Birleşen Ştatlar Owganystanyň günortasyndaky Helmand welaýatynda, owgan goşunlary tarapyndan işledilýän barlag nokadyna hüjüm edilenden soň, “Talyban” söweşijilerine garşy “goranyş” howa zarbasyny urdy.

"ABŞ 4-nji martda, Helmandda, Nahre-Serajda,#ANDSF barlag nokadyna işjeň hüjüm edýän “Talyban” söweşijilerine garşy howa zarbasyny urdy. Bu hüjümi ýatyrmak üçin urlan goranyş zarbasy boldy” diýip, Owganystandaky ABŞ güýçleriniň sözçüsi Sonny Leggett twitterde çap eden beýanatynda aýtdy.

Howa zarbasy “Talyban” jeňçileri owgan howpsuzlyk ofiserleriniň azyndan 20 sanysyny öldürenden birnäçe sagat soňra. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň “Talybanyň” syýasy lideri bilen eden “örän gowy” gürrüňiniň yz ýanyndan uruldy.

XS
SM
MD
LG