Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak brakonýeri tebigaty goraýjyny öldürendigi üçin 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Ýitmek howpy abanan saýga suguny gazak kanunçylygy astynda berk goralýar.

Nur-Soltandaky sud tebigaty goraýjylaryň güman edilýän brakonýer bilen gapma-garşylygy mahalynda bir adamy atyp öldüren bikanun awçyny 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Akmola region sudy 4-nji martda Anatoliý Bonýakowiçi Kanyş Nurtazinowy öldürmekde, onuň kärdeşi Samat Ospanowy öldürmäge synanyşmakda, ýitip ýok bolmak howpy abanan sugunlary awlamakda günäli tapdy.

Bu heläkçilikli waka geçen ýylyň iýulynda Akmola sebitinde, Nurtazinow we Ospanow haýwanlary awlaýan adamlary saklajak bolanda boldy.

Güman edilýän brakonýerler iki tebigaty goraýja hüjüm etdi we netijede 43 ýaşyndaky Nurtazinow, dört çaganyň atasy, ok ýarasyndan öldi, Ospanow ýaralandy.

Mundan iki hepde öň Karaganda şäherinde üç adam ömürlik tussaglyga, alty adam alty ýyl tussaglyga höküm edildi, olar geçene ýylyň ýanwarynda, bikanun sugun awlaýan wagtlary bir tebigaty goraýjyny atyp öldürdiler, onuň kärdeşini bolsa öldürmäge synandylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG