Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul hüjüminde azyndan 32 adam öldürildi


Polisiýanyň ýörite howpsuzlyk güýçleri hüjümiň guralan ýerine gözegçilik edýär. Kabul, 6-njy mart, 2020.
Polisiýanyň ýörite howpsuzlyk güýçleri hüjümiň guralan ýerine gözegçilik edýär. Kabul, 6-njy mart, 2020.

Ýaragly adamlar Kabulda guralan dabarany oka tutanlarynda azyndan 32 adam öldi, bu Birleşen Ştatlar we “Talyban” ýurtdaky daşary ýurt goşunlarynyň çykarylmagy barada ylalaşyga geleli bäri guralan iň ganly hüjüm boldy.

Saglyk ministrligi 6-njy martda, 1995-nji ýylda jeňçiler tarapyndan öldürilen hazara lideri Abdul Ali Mazariniň hatyrasyna guralan ýatlama çäresine edilen hüjümde 58 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Öldürilenleriň arasynda 5 aýal hem bar.

Ýatlama çäresine ýokary derejeli resmiler, şol sanda baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla hem gatnaşýardy, emma Abdulla zeper ýetmedi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi ýatlama çäresiniň gurnalan ýeriniň golaýynda, polisiýanyň ýörite güýçleri bilen ýaragly adamlar arasynda üzlem-saplam atyşyk sesleriniň şindi hem eşidilýändigini aýtdy.

“Talyban” bu hüjüme özüniň hiç bir baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG