Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Britaniýa we Estoniýa Orsýetiň harby-aňtaw gullugyny Gürjüstana garşy kiber hüjümlerinde aýyplaýar


Maestro TW-siniň studiosy

ABŞ, Britaniýa we Estoniýa Orsýetiň harby-aňtaw gullugyny, “ýönekeý gürjüstanlylaryň durmuşyny bozmak we bidüzgünçilik döretmek üçin”, Gürjüstanyň hökümetine we media websaýtlaryna garşy köpçülikleýin kiber hüjümlerini amala aşyrmakda aýyplady.

Bu üç ýurt 5-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine kiber hüjümleriniň “Orsýetiň Gürjüstana garşy uzak wagtlap dowam edýän duşmançylykly we durnuksyzlaşdyryjy kampaniýasynyň bir bölegidi” bolup durýandygyny aýtdy.

Bu sözler Gürjüstanyň ilçisiniň fewralda Howpsuzlyk geňeşine oktýabrda guralan giň gerimli kiber hüjümleri barada ýazan hatynyň yz ýanyndan aýyldy.

Birleşen Ştatlar we Britaniýa 20-nji ferwalda Gürjstana goşulyp, Orsýeti utgaşdyrylan kiber hüjümlerini gurnamakda we Gürjüstandaky müňlerçe websaýtyň işini duruzmakda we hatda TW gepleşikleriniň arasyny kesmekde günäledi.

28-nji oktýabrda 2 müňden gowrak döwlet we hususy saýty, media websaýtlary we iki sany hususy telewideniýe stansiýasy -- Imedi we Maestroişini togtatdy. Nyşana alnan websaýtlaryň arasynda prezident edarasynyň we ýerli häkimiýet edaralarynyň saýtlary hem bar.

Orsýetiň DIM-i bu aýyplamalary ret etdi we "esassyz, syýasy äheňli" diýip häsiýetlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG