Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Idlibdäki ýaraşygyň saklanylýandygyny aýdýar


Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar

Siriýanyň Idlib welaýatynda Orsýet bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan ýaraşyk saklanýana meňzeýär.

Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar 7-nji martda ol ýerde atyşygy bes etmek düzgünleriniň bozulmandygyny aýtdy.

"Biz atyşygyň islendik bozulmagynyň öňüni alyjy güýç bolmagymyzy dowam etdireris. Ýaraşyk güýje gireli bäri hiç bir düzgün bozma bolmady” diýip, Akar aýtdy.

Bu ýaraşyk Moskwada, üç aýda bir milliona golaý adamyň ýaşaýan ýerinden bosmagyna sebäp bolan konflikti togtatmak barada geçirilen gepleşiklerden soň gazanyldy.

Oz goşunlaryny ýa-da bu sebitdäki bazalaryny nyşana alýan islendik hüjüm edilse, Türkiýe özüni goramak hukugyny ulanar diýip, Akar sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu ylalaşyk türk we rus güýçleriniň 15-nji martdan başlap Idlibde, şol sanda uly ýollaryň boýunda bilelikde gözegçilik etmegine hem çagyrýar.

Moskwanyň prezident Başar al-Assadyň hökümetine, Ankaranyň pitneşi toparlara arka durmagy bilen, Orsýet we Türkiýe Siriýadaky dokuz ýyllyk konfliktde gapma-garşylykdaky taraplara goldaw bildirýär.

Mundan öň Idlibdäki söweşleri togtatmak üçin gelnen birnäçe ylalaşyk netijesiz boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG