Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý wirus ýokuşanlaryň sanynyň azalýandygyny, täze näsaglaryň köpüsiniň Eýrandan gelendigini aýdýar


Şanhaý. Söwda merkezinde gorag maskasyny geýen adam we maska geýdirilen itler.

Hytaý täze ýaýran ýokanç keseliň ojagy bolan Wuhandan başga ýerlerdäki täze tassyklanan wirus hadysalarynyň tas ählisiniň Eýrandan uç alandygyny, wirus ýokuşanlaryň köpüsiniň Eýrandan uçarly gelen adamlar bolandygyny aýdýar.

Häkimiýetler 7-nji martda bir günüň dowamynda täze koronowirus ýokuşandygy tassyklanan adamlaryň sanynyň 99 bolandygyny, bir gün öň bu görkezijiniň 143 adam bolandygyny, munuň 20-nji ýanwardan bärdäki iň pes görkezijidigini aýtdylar.

Milli saglyk komissiýasy (MSK) merkezi Hubeý welaýtyndan daşarda 6-njy martda täze wirus ýokuşan adamlaryň 25 sanysynyň tassyk edilendigini, olaryň 24-siniň Hytaýdan daşardan gelendigini aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, bu adamlaryň köpüsi 2-5-nji mart aralygynda Eýrandan gelen täjirçilik uçarlarynda, demirgazyk-günbatardaky Gansu welaýtynyň paýtagtynda karantin astyna alnan ýolagçylar bolup durýar.

Pekinde dört sany täze wirus hadysady habar berildi, kesel ýokuşan adamlaryň üçüsi Italiýadan gelipdir. Welaýat paýtagty Wuhanyň daşyndaky Hubeýde tapgyr ikinji gün wirus ýokuşan adam ýok diýip, welaýat paýtagtynyň resmileri aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG