Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ýewropa tarap migrant akymynyň “diňe başlangyçdygyny” duýdurýar


Türkiýäniň içeri işler ministri Suleýman Soýlu
Türkiýäniň içeri işler ministri Suleýman Soýlu

Türkiýe Gresiýa geçmäge we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki ýurtlaryna aralaşmaga synanýan migrantlaryň sanynyň Siriýadaky krizis düýpli çuňlaşdygyça artjakdygyny duýdurdy.

Türkiýäniň içeri işler ministri Suleýman Soýlu 7-nji martda “bu diňe başlangyç” diýdi. “Siz indiden soň näme boljagyna seretmeli. Häzire çenli bolan zatlar hiç zat” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soýlu 143 müňden gowrak migrantyň Türkiýeden Gresiýa geçendigini aýtdy, emma žurnalistler we migrasiýa ekspertleri bu sanlaryň birneme çişirilendigini aýdýarlar.

"[Grek premýer-ministri Kyriakos] Mitsotakisiň serhedi saklamak mümkinçiligi ýok” diýip, Suýlu aýtdy.

Gresiýa serhetden ýurda girmäge rugsat bermeýändigini aýtdy. Soýlu, howanyň maýlamagy we Ankaranyň Siriýa serhedine gözegçilik etmek üçin has köp güýç sarp etmegi bilen, Gresiýa migrant akymynyň hökman ýokarlanjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG