Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ adatdan daşary ýagdaýa dahylsyz amerikanlaryň Türkmenistany terk edip biljekdigini aýdýar 


Türkmenistan ilata keselden goranyş usullaryny öwredýär.
Türkmenistan ilata keselden goranyş usullaryny öwredýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti, koronowirus epidemiýasy bilen baglylykda, Türkmenistanda we Azerbaýjanda işleýän amerikanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, adatdan daşary ýagdaý bilen bagly bolmadyk halatynda bu ýurtlary meýletin terk edip biljekdiklerini yglan etdi.

Resmiler bu habary bäşinji gün yglan etdiler, şol gün hökümet bu ýurtlara syýahat etmek boýunça geňeş-maslahatyny 3-nji derejä galdyrdy we Türkmenistana hem-de Azerbaýjana syýahat etmegi planlaşdyran amerikanlary öz planlaryna gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Bu iki ýurt babatyndaky hüşgärlik derejesi 6-njy martda, goňşy Eýrandaky koronowirus hadysalarynyň köpelmegi bilen baglylykda, iň ýokary duýduryş klassifikasiýasynyň aşak ýanyna çenli ýokary galdyryldy.

Eýran 7-nji martda koronowirusdan ölen adamlaryň sanynyň 145 bolandygyny, bir gün öň 21 adamyň, şol sanda bir konserwatiw deputatyň ölendigini habar berdi.

Ýurduň saglyk ministrligi soňky 24 sagatda wirus ýokuşan adamlaryň 1 müňden gowragynyň tassyk edilendigini, 7-nji martda bu dertden hassalanlaryň jemi5,823 adam bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG