Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda 8-nji martda aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjylara hüjüm edildi


Bişkek. Ýüzi perdeli adamlar demonstrasiýaçylara hüjüm edýär. 8-nji mart, 2020.
Bişkek. Ýüzi perdeli adamlar demonstrasiýaçylara hüjüm edýär. 8-nji mart, 2020.

Gyrgyz paýtagty Bişkekde ýüzi perdeli adamlaryň topary içerki zorluga garşy guralan demonstrasiýa hüjüm etdi.

8-nji martdaky hadysada ýaraly bolanlar hakynda bada-bat maglumat berilmedi.

Polisiýa bu wakanyň bolan ýerine hüjümçileriň aglabasy gaçyp gideninden soň geldi we demonstrasiýa gatnaşyjylaryň we ony gurnaýjylaryň ondan gowragyny tussag etdi.

Ýerli žurnalist AFP habar gullugyna 70 töweregi adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy tussag edilenleriň arasynda žurnalistleriň we aktiwistleriň hem bardygyny aýtdy.

Polisiýanyň sözçüsi AFP bilen söhbetdeşlikde protestçileriň öz howpsuzlygy üçin tussag edilendigini, sebäbi demonstrasiýanyň öňünden hökümet bilen ylalaşylmandygyny gürrüň berdi.

Şeýle-de sözçi güman edilýän hüjümçileriň hem tussag astyna alnandygyny aýtdy. Bu demonstrasiýa Halkara aýallar gününi bellemek üçin planlaşdyryldy.

Güman edilýän hüjümçiler milli gyrgyz başgaplarynygeýip, demonstrasiýaçylar plakatlaryny taýýarlap, ýaňy proteste başlanlarynda hüjüme geçdiler. Bu çäre soňy bilen goýbolsun edildi.

XS
SM
MD
LG