Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda koronowirusdan ölenleriň sany 194 adama ýetdi


Eýran. Saglyk işgärleri göçme hassahanalary gurýarlar.

Eýranyň Saglyk ministrligi soňky 24 sagatda koronowirusdan ýene-de 49 adamyň ölendigini, netijede, ýurtda bu hassalykdan wepat bolanlaryň jemi 194 adama ýetendigini aýtdy.

Saglyk ministrliginiň sözçüsi Kianouş Jahanpour 8-nji martda Eýranda koronowirus ýokuşandygy tassyklanan adamlaryň 6500 adamdan geçendigini aýtdy.

Paýtagt Tähranda 1800 çemesi adama wirus ýokuşandygy tassyk edildi, ýurduň beýleki 31 welaýatynda wirus ýokuşanlaryň tassyklanmagy dowam edýär.

Jahanpour eýranlylary ýurt içinde syýahat etmezlige we mümkin bolsa öýde saklanmaga çagyrdy.

Bu ýurtda basym pars Täze ýyly, Nowruz bellenilmeli. Däp boýunça, millionlarça eýranly bu baýramçylyk welaýatlara syýahat edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG