Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň harbylarynyň operasiýasynda bir polkownik we iki “terrorçy” öldürildi


Pakistanyň howpsuzlyk işgäri
Pakistanyň howpsuzlyk işgäri

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Haýber Puhtunhwa welaýatynda bolan ok atyşykda ýurduň armiýasynyň polkownigi we terrorçy bolmakda güman edilýän iki şübheli öldürildi.

Bu ok atyşyk 9-njy martda Tank etrabynda boldy. Wakanyň bolan wagty howpsuzlyk güýçleri “terrorçy bukalgasyna” garşy razwedka operasiýasyny amala aşyrýardy diýip, Pakistanyň harbylarynyň metbugat ganaty habar berýär.

Beýanatda bukalgada ýaraglaryň we ok-däri serişdeleriniň uly göwrüminiň ele salnandygy hem bellenilýär.

Pakistanyň harbylary ýurduň demirgazyk-günbataryndaky tire-taýpa regionyny söweşiji toparlardan arassalamak üçin giň gerimli harby operasiýalary geçirip başladylar.

Ýöne Owganystan bilen serhetleşýän bu region öňden bäri ýowuz hüjümleriň, nyşana alynýan ölümleriň we ýere düşelen mina partlamalarynyň ýeri hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG