Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň syýasy bäsdeşleriniň ikisi-de özlerini prezident yglan etdi


Aşraf Gani (çepde) we Abdullah Abdullah
Aşraf Gani (çepde) we Abdullah Abdullah

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani we onuň garşydaşy, ýurduň baş dolandyryjysy Abdullah Abdullah 9-njy martda Kabulda geçirilen parallel dabaralarda özlerini aýry-aýrylykda prezident diýip yglan etdiler.

Kabulyň merkezinde, biri-biriniň gapdalynda ýerleşýän köşklerde geçirilen inaugurasiýa dabaralaryna ýüzlerçe myhman gatnaşdy.

Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad we ABŞ-nyň liderligindäki halkara güýçleriň komandiri, general Skot Miller (Scott Miller) Ganiniň inaugurasiýa dabarasyna gatnaşdylar.

Ilkibada taraplar kasam ediş dabaralaryny Kabul wagty bilen sagat 13:00-a çenli yza süýşürmek barada ylalaşypdylar. Ýöne Zalmaý Halilzadyň hem gatnaşmagynda geçirilen soňky gepleşiklerde krizisi çözmek başa barmady.

Bu dawa Owganystanyň geçen ýylyň 28-nji sentýabrynda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijelerinden gözbaş alýar.

Şu ýylyň fewralynda Owganystanyň Garaşsyz Saýlaw Komissiýasy saýlawlarda prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlete saýlanandygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG