Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Niderlandlarda MH17-niň urlup ýykylmagy bilen bagly güman edilýänleriň sud diňlenişigi geçirilýär


Kazy Hendrik Steenhuis
Kazy Hendrik Steenhuis

Niderlandlarda 2014-nji ýylyň iýulynda separatistleriň kontrollygyndaky gündogar Ukrainada Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasynyň MH17 gatnaw belgili uçarynyň urlup ýykylmagy bilen bagly, Russiýanyň üç we Ukrainanyň bir raýatynyň sud diňlenişigi başlandy.

9-njy martda güman edilýän dört şübheli Şiphol aeroportunyň golaýyndaky berk gözegçilikde saklanýan sud zalyna gelmedi. Ýöne kazylar sud diňlenişiginiň olaryň ýoklugynda dowam etdiriljekdigi barada karar çykardylar.

Bir pursatda prokuror MH17 gatnaw belgili uçarda ölen 298 ýolagçynyň we ekipaž agzalarynyň atlaryny okady. Kuala Lumpura uçan bu uçar Russiýada öndürilen raketa tarapyndan urlup ýykyldy.

Heläk bolanlaryň arasynda Gollandiýanyň 193, Malaýziýanyň 43 we Awstraliýanyň 38 raýaty bar.

XS
SM
MD
LG