Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus aksiýalary dünýäde nebitiň bahasynyň aşaklamagyndan ejir çekdi


Illýustrasiýa suraty

Dünýäde nebitiň bahasynyň aşaklamagy netijesinde rus rublynyň hümmetiniň we global bazarlaryň pese gaçmagynyň yzýany, 10-njy martda irdenki söwdada Russiýanyň ähli ugurlar boýunça aksiýalary ýiti derejede aşaklady.

RTS indeksi açylyşda 16 göterim pese gaçdy, soňra Aşgabat wagty bilen sagat 15:15 töwereginde sähel yza serpilip, 12 göterim derejesinde aşaklady.

10-njy martda irden rublyň ABŞ dollaryna görä hümmeti 5 göterim aşaklap, 1 amerikan dollary 72 ruble deň boldy.

9-njy martda global fond bazarlary Russiýa bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky “nebit bahalarynyň urşunyň” abandyrýan howpuna reaksiýa bildirip, soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iň uly ýitgiden ejir çekdiler.

Dünýäde koronawirusyň ýaýramagynyň yzýany, global bazarlar ykdysady aşaklamanyň eýýäm gyrasyndady. Bu wirus häzire çenli dünýäniň 100-den gowrak ýurduna ýaýrady. Şeýle-de, bu wirus 110000-den gowrak adama ýokuşdy we ondan 4000-den gowrak adam heläk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG