Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystanda parallel hökümetleriň döredilmegine “ýiti” garşylyk görkezýär


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani inaugurasiýa dabarasynda çykyş edýär. 9-njy mart, 2020 ý. Kabul
Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani inaugurasiýa dabarasynda çykyş edýär. 9-njy mart, 2020 ý. Kabul

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşington “bitewi we özygtyýarly Owganystany” goldap çykyş edýär diýdi. Pompeonyň bu çykyşy Owganystanyň häzirki prezidenti Aşraf Ganiniň we onuň prezident saýlawlaryndaky esasy bäsdeşi Abdullah Abdullahyň goşa we bäsdeşlikli inaugurasiýa dabaralaryny geçirmeginiň yzýanyna gabat geldi.

9-njy martda Pompeo Ganä goldaw bildirýän ýaly bolup görünýän çykyşynda, Birleşen Ştatlar “parallel hökümet döretmek ugrundaky islendik herekete” garşylyk görkezýär diýdi.

Ol bu çykyşy, Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad we ABŞ-nyň liderligindäki halkara güýçleriň komandiri, general Skot Miller (Scott Miller) Ganiniň inaugurasiýa dabarasyna gatnaşandan soňra etdi.

Şu ýylyň fewralynda Owganystanyň Garaşsyz Saýlaw Komissiýasy geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen saýlawlarda prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlete saýlanandygyny yglan edipdi. Ýöne öňki baş dolandyryjy Abdullah Abdullah bu netijäniň gaplaşdyrylandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG