Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak daşary işler ministri Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşikleriniň şu aý geçiriljege meňzemeýändigini aýtdy


Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi

Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tileuberdi "Astana formaty" diýlip atlandyrylýan Siriýa boýunça parahatçylyk gepleşikleriniň planlaşdyrylany ýaly şu aý gazak paýtagtynda geçiriljege meňzemeýändigini aýtdy.

Tileuberdi 10-njy martda žurnalistlere beren maglumatynda gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň takyk haçan geçiriljeginiň näbelli bolmagynda galýandygyny hem belledi.

“[Gepleşikleri mart aýynda geçirmek] barada dekabr aýynda teklip edilipdi, ýöne häzir ýagdaý üýtgedi... Gepleşikleriň [mart aýynda] geçirilmezligi gaty ähtimal” diýip, Tileuberdi goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Geçen aý türk prezidentiniň metbugat wekili Ibrahim Kalin “Astana formaty” atly gepleşikleriň nobatdaky tapgyrynyň mart aýynda geçiriljekdigini aýdypdy.

Martyň başynda gazak daşary işler ministriniň orunbasary Şahrat Nuryşew Gazagystanyň koronawirusyň ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwletleriň wekillerine ýurda girmek çäklendirmesini girizendigini yglan edipdi.

“Astana formaty” diýlip atlandyrylýan gepleşikler 2015-nji ýyldan bäri gazak paýtagtynda geçirilýär. Bu gepleşikler dokuz ýyla golaý wagt bäri dowam edýän Siriýa konfliktiniň soňuna ýetmek maksady bilen BMG-niň maliýeleşdirmegindäki gepleşiklere parallel görnüşde geçirilýär.

XS
SM
MD
LG