Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kreml Trampyň Ýeňiş güni dabarasyna gatnaşmak üçin Moskwa sapar etmejekdigini aýdýar


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow

Kreml Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Ikinji Jahan urşunyň tamamlanmagynyň 75-nji ýyldönümi mynasybetli Moskwada geçiriljek dabara özüniň gatnaşmajakdygy barada özlerini habarly edendigini aýdýar. Bu uruş Russiýada Beýik Watançylyk urşy ady bilen tanalýar.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň 10-njy martda Moskwada žurnalistlere beren maglumatyna görä, dabarada Birleşen Ştatlara kimiň wekilçilik etjekdigi häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

“Biz diplomatik ýollar arkaly prezident [Trampyň] dabara gatnaşmajakdygy barada habarly edildik” diýip, Peskow aýtdy. Ýöne ol munuň jikme-jiklerini aýdyňlaşdyrmady.

Gürrüňi edilýän sene mynasybetli 9-njy maýda Moskwada harby parad geçiriler.

Mundan ozal Moskwa bu parada Tramp bilen bir hatarda, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong-Unuň, Hytaýyň lideri Si Jinpingiň we beýleki ýurtlaryň hökümet hem-de döwlet baştutanlarynyň çagyrylandygyny aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG