Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londonda Nazarbaýewler maşgalasynyň 100 mln dollarlyk emlägi tussag edildi


Emläk eýeleri Daryga Nazarbaýewa, onuň uly ogly Nuraly Aliýew we onuň aýaly Aida bolup durýar.
Emläk eýeleri Daryga Nazarbaýewa, onuň uly ogly Nuraly Aliýew we onuň aýaly Aida bolup durýar.

Angliýanyň häkimiýetleri Londonda Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýwiň garyndaşlaryna degişli gozganmaýan emlägi tussag etdiler diýip, BBC habar berýär.

"Ýurduň iň arzyly köçeleriniň biri Bişops-awenýuda ýerasty suw howzy we kinoteatry bolan berk goralýan howly, abraýly Haýgeýt etrabynda bir jaý we Çelside uly kwartira, britan hukuk goraýjylarynyň geçen ýylyň ýazynda eden talaby esasynda ,tussag edildi” diýip, habarda aýdylýar.

Sud bu emläkleriň eýeleriniň atlaryny diňe häzir mälim etdi. Olar Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy, Gazagystanyň senatynyň başlygy Daryga Nazarbaýewa hem-de onuň uly ogly Nuraly Aliýew we onuň aýaly Aida bolup durýar.

Olar bahasy 100 million dollara barabar gozganmaýan emlägi satyn aldylar we olary ýurtdan daşarda resmileşdirdiler. Häzir bu emläkleriň bahalarynyň biraz ýokar galan bolmagy hem mümkin diýip, neşir ýazýar.

Jenaýatçylyga garşy göreş boýunça milli agentligiň maglumatlaryna görä, bu emläkleriň Daryganyň ozalky adamsy, Nuraly Aliýewň kakasy Rahat Aliýewiň jenaýatçylykly girdejileriniň hasabyna satyn alnan bolmagy mümkin.

Emläkleriň eýeleriniň aklawçysy Daryga Nazarbaýewa bilen Rahat Aliýewiň 2007-nji ýylda aýrylyşandygyny aýtdy, şu sebäpden onuň 2008-nji ýylda satyn alnan emläge dahylly bolup bilmejkdigini öňe sürdi.

Emläkler “Gelip çykyşy anyklanmadyk girdejiler” kakyndaky kanun esasynda tussag edildi. Indi Nazarbaýewiň gyzy we agtygy bu emlägi satyn almak üçin ýeterlik bolan puluň nähili ýagdaýda gazanylandygyny subut etmeli.

Eger-de olar muny başarmasalar, jaýlar we kwartira olaryň ellerinden alnyp, auksionda satylar.

XS
SM
MD
LG