Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda garaşsyzlyk döwründe ilkinji zenan parlamentiň başlygy boldy


Sahiba Gafarowa
Sahiba Gafarowa

Azerbaýjanda 10-njy martda ilkinji zenan parlamentiň spikerligine saýlandy. Kanun çykaryjylar 64 ýaşyndaky Sahiba Gafarowany Milli mejlisiň başlygy wezipesine saýladylar.

Ol bu wezipä Azerbaýjanyň “Täze Azerbaýjan” partiýasy tarapyndan hödürlendi. Gafarowa nebite baý kawkaz ýurdy 1991-nji ýylda garaşsyz bolaly bäri saýlanan ilkinji zenan parlament spikeridir.

Şeýle-de Mejlis Ali Huseýnlini spikeriň birinji orunbasary, Adil Aliýewi hem-de Fazail Ibrahimlini parlament başlygynyň orunbasary wezipelerine saýlady.

Azerbaýjanyň Konstitusion sudy geçen hepde 9-njy fewralda geçirilen irki parlament saýlawlarynyň netijelerini tassyklap, täze saýlanan 125 deputatyň 121 sanysyny tassyk etdi.

Saýlaw düzgünleriniň dört saýlaw okrugynda bozulandygy ýüze çykaryldy. Bu okruglarda geçiriljek täze saýlawlaryň senesi prezident Ylham Aliýew tarapyndan kesgitlener.

Halkara synçylary ses sanalanda prosedura düzgün bozulmalarynyň köp bolandygyny aýdyp, saýlawlaryň adalatly geçendigine şübhe bildirdiler.

XS
SM
MD
LG