Rus parlamentiniň aşaky palatasy konstitusiýa girizilen düzedişleriň kanun taslamasynyň üçünji we soňky okalyşyny tassyk etdi, bu kanun güýje girse, prezident Wladimir Putiniň 2024-nji ýylda bäşinji möhlete prezidentlige dalaşgär bolmagyna ýol açylýar.
11-nji martda bu kanun taslamasyna jemi 383 deputat ses berdi, 43 deputat saklandy we garşy çykan bolmady.
Döwlet dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin biraz öň žurnalistlere Putin we üýtgetmeler boýunça ýörite topar tarapyndan 390 çemesi düzedişiň teklip edilendigini aýtdy.
Döwlet dumasy tarapyndan tassyklanan düzedişleriň biri Putiniň mundan öňki prezidentlik möhletlerini 0-a getirip, bu sanawy täzeden başlamak hakynda boldy.
Bu düzediş oňa 2024-nji ýylda prezidentlik möhleti tamam bolandan soň, täzeden saýlawa gatnaşmak hukugyny berer.
Bu onuň, eger-de 2024-nji ýyldaky saýlawlarda ýeňse we 6 ýyl soňra gaýtadan saýlanyp bilse, 2036-njy ýyla çenli häkimiýetde galmak mümkinçiligini döreder.
Konstitusiýa düzedişleriniň Konstitusiýa sudy tarapyndan tassyklanmagy zerur we ýurduň saýlawçylarynyň ýaryndan gowragy goldasa, kanuny taýdan tassyklanan hasap ediler.
Bu mesele boýunça geçirilmeli referendum 22-nji aprele bellendi.