Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wuhanda 103 ýaşyndaky aýal koronowirusdan alty günde saplandy


Täze wirusyň şekili

103 ýaşyndaky aýal koronowirusdan üstün çykan we hassahanadan öýüne dolanan iň ýaşuly adam boldy diýip, "Independent" neşiri habar berýär.

Zhang Guangfen bu hassalykdan bary-ýogy alty gün, Hytaýyň Wuhan şäherindäki keselhanada bejergi alanyndan soň saplandy.

Wuhan täze koronowirus wirusynyň uç alan we dünýä ýaýran şäheridir.

Bejeriji lukman Zeng Ýulanyň žurnalistlere aýtmagyna görä, ýüzden aşan zenanyň bu dertden şeýle çalt saplanmagynyň sebäbi onuň aram hroniki bronhitden başda näsaglygynyň bolmazlygy bilen bagly.

Oňa 1-nji martda Wuhandaky Tongji saglyk kolležiniň Liyuan hassahanasynda koronowirus diagnozy goýuldy diýip, "Chutian Metropolis Daily" habar berýär.

Bu gazet dertden saplanan garrynyň ikinji gün hassahanadan çykyp, öýüne dolanyşyny görkezýän wideo hem çap etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG