Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda harby baza edilen raketaly hüjümde amerikan we britan harbylary wepat boldy


Taji harby bazasy, Yrak

Yrakda daşary ýurt goşunlarynyň ýerleşýän harby bazasyna onlarça kiçi raketa bilen urlan zarbalaryň netijesinde iki amerikan we bir britan harbysy wepat boldy we ençeme adam ýaralandy, diýip ABŞ-nyň resmileri aýdýarlar.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň 12-nji martda ýaýradan beýanatynda harbylarynyň üçüsiniň wepat bolandygy we 12 adamyň ýaralanandygy habar berildi, emma heläk bolanlaryň raýatlygy agzalmady.

​Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň resmisi wepat bolanlaryň ikisiniň ABŞ-nyň we biriniň Britaniýanyň raýatydygyny mälim etdi.

ABŞ we Britaniýa hüjüme jogapkärleri jogaba çekmegi wada berdiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo "Yragyň Taji harby bazasyna edilen şu günki adam pidaly hüjüm jogapsyz galmaz" diýip, Twitterde ýazdy.

ABŞ-nyň resmileri raketalary kimiň atandygyny tiz wagtda anyklanjagyny aýtdylar, geçmişde Pentagon şuňa meňzeş hüjümlerde Eýran tarapyndan goldanýan söweşijileri aýyplapdy.

XS
SM
MD
LG