Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan koronawirus sebäpli Nowruz we Ikinji jahan urşunyň 75 ýyllygy bilen bagly dabaralary ýatyrdy


Almaty

Gazagystan koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin prewentiw çärelerine başlady, şol sanda Nowruz baýramçylygynda geçiriljek dabaralary we nasistik Germaniýanyň ýeňilişiniň 75-nji ýyl dönüminde planlaşdyrylan harby parady ýatyrdy.

Prezident Kasym Žomart Tokaýew 12-nji martda birnäçe hökümet resmisi bilen duşuşyk geçirip, prewentiw çäreleri maslahat etdi. Bu barada prezidentiň websaýtynda habar berildi.

Maglumata görä, saglyk ministri Elžan Birtanow Tokaýewi ministrligiň BSG-nyň rekomendasiýalary bilen tanyşdyrypdyr.

11-nji martda BSG koronawirusyň dünýä ýaýramagynyň pandemiýa derejesine ýetendigini yglan etdi.

Tokaýew ähli köpçülikleýin üýşmeleňleriň, şol sanda medeni we sport çäreleriniň, konferensiýalaryň we sergileriň wagtlaýynça bu Merkezi Aziýa ýurdunda gadagan edilýändigini yglan etdi.

Üstesine, söwda merkezierinde, bazarlarda, restoranlarda, transport duralgalarynda we aeroportlarda sanitariýa gözegçiligi güýçlendiriler.

Tokaýewiň metbugat wekili Berik Uali 21-23-nji marta bellenen Nowruz dabaralarynyň we Ikinji jahan urşunyň 75 ýyllygyna niýetlenen harby paradyň ýatyrylýandygyny Facebook sahypasynda habar berdi.

12-nji marta çenli Gazagystanda koronawirus bilen bagly resmi taýdan tassyklanan kesellänleriň ýekejesi barada hem habar berilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG