Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýanyň we Ýewropanyň maliýe bazarlaryndaky çökgünlik dowam edýär


Nýu Ýorkyň maliýe bazaryndaky monitor, 9-njy mart, 2020

Aziýanyň we Ýewropanyň maliýe bazarlaryndaky ýitgiler, nebitiň bahasynyň pese gaçmagy dowam edýär, munuň bilen bilelikde prezident Trampyň ABŞ Ýewropadan syýahatçylyga gadagançylyk girizmeginden soň koronawirusyň ykdysady täsirine bildirýän aladalanmalar hasam güýçlendi.

12-nji martda günüň başynda Ýewropanyň aksiýalary pese gaçdy, Londonyň FTSE 100 we Fransiýanyň CAC 40 indeksleri 5% peseldi.

Aziýada Tokio 4,4% aşaklady, Hong Kong 3,7% peseldi.

Nebitiň halkara nyrhlarynyň standarty hasaplanýan Brent markasy ýene arzanlap, onuň bir bareliniň bahasy 34 dollara ýetdi. ABŞ-da bir gün öň Dow Jones senagat indeksi 5.8% derejesinde ýitgi çekdi.

Bu çökgünlik ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäre hökmünde Ýewropanyň 26 ýurdunyň syýahatçylaryna ABŞ barmagy gadagan etmeginiň yzýany ýüze çykdy.

Bütin dünýä saglyk guramasy koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy pandemiýa diýip atlandyrdy.

12 martda dünýäde COVID-19 wirusy bilen kesellänleriň sany azyndan 126 müň adama ýetdi, 4 638 adam heläk boldy, 68 müň adam doly sagaldy. Koronawirus 100 çemesi ýurtda we territoriýada anyklandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG