Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azerbaýjan, Türkiýe, koronowirus sebäpli, özara syýahaty togtatmak kararyna geldi


Maskalary gaplaýan aýal.

Iki ýurduň prezident edaralarynyň 14-nji martda yglan etmegine görä, Türkiýe we Azerbaýjan, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş tagallalarynyň çäginde, wagtlaýyn öz ýurtlarynyň arasyndaky uçar we gury ýer gatnawlaryny togtatmak kararyna geldi.

Bu ýapylyş 15-nji martdan güýje girýär we, türk tarapynyň aýtmagyna görä, ýük ulaglarynyň gatnawyny öz içine almaýar.

Bu habar Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda bolan telefon gürrüňinden soň yglan edildi.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky serhediň uzynlygy bary-ýogy 18 kilometr bolup, ol ýerde Umyt köprüsiniň üstünden geçýän ýekeje serhet geçelgesi bar.

Ýokanç keseliň iň agyr zarba uran ýurtlarynyň biri bolan Eýran bilen hem araçäkleşýän Azerbaýjan öz ilkinji COVID-19 ölümini 12-nji martda hasaba aldy.

Bu ýurt şu wagta çenli wirusyň 19 adama ýokuşandygyny aýtdy.

Azeri häkimiýetleri Eýran bilen aradaky serhedi iki hepde öň ýapdy.

Gürjüstanyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň premýer-ministrleri öz ýurtlarynyň özara serhetlerini 14-nji martda, 10 günlük ýapdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG