Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa ykdysadyýeti goldamak üçin $4 milliardlyk gaznanyň döredilendigini yglan etdi


Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin
Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin

Nebitiň bahasynyň arzanlamagy we koronawirusyň ýaýramagy sebäpli iki urgudan ejir çekýän Russiýa ykdysadyýeti goldamak çäreleriniň bir bölegi hökmünde 4 milliard dollarlyk gaznanyň döredilendigini yglan etdi.

Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin 16-njy martda eden çykyşynda bu täze çäreleriň syýahatçylyk pudagyndaky kompaniýalar we awiakompaniýalar üçin salgyt ýeňilliklerini, şeýle-de kärhanalara ýeňillikli karzlary bermek baradaky maksatnamany giňeltmegi öz içine alýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, bu çäreleriň çäginde “Gazprom” we “Rosneft” ýaly döwlet kompaniýalaryna paý peýda töleglerini alty aýa çenli yza süýşürmegine rugsat berilmegi ähtimal.

Russiýada döwlet kompaniýalary paý peýda töleglerini adatça ýylyň ortasynda töleýärler.

Russiýanyň ykdysadyýeti nebit bahalaryna ýiti derejede garaşlydyr. 9-njy martda nebitiň bahalary soňky 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda iň uly bir günlük aşaklamany başdan geçirdi.

XS
SM
MD
LG